Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy

Gazagystanyň Hazar deňzi sebitindäki Atyrau welaýatynda Sarmatlar döwrüne degişli mazarlarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde taryhy eserler ýüze çykaryldy

2234968
Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy

Atyrau welaýatynyň häkimliginden berilen beýanata görä, soňky 2 ýylda sebitdäki "Karabau-2" gorganynda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Gorgandaky 9 mazaryň 7-sinde b.e. öňki 6-njy asyrdan, b.e. 4-nji asyra çenli sebitde ýaşan atly çarwa halk Sarmatlara degişli şaý-sepler, ýaraglar we keramiki gaplar bilen birlikde adam galyndylary hem tapyldy.

Ýüze çykarylan eserler, Atyrau Sebit we Taryh Muzeýinde guralan sergide ilkinji gezek görkezildi.

Her iki tarapynda dag barsynyň şekili bolan we agramy takmynan 370 gram bolan altyn bilezik bolsa myhmanlaryň ünslerini özüne çekdi.

Gazak arheolog Marat Kasenow, Atyrau sebitiniň alymlar tarapyndan wagtynda Sarmatiýa imperiýasynyň höküm süren sebidi hökmünde häsiýetlendirilendigini we munuň arheologik gazuw-agtaryş işleri bilen subut edilendigini belläp: "(Sarmatlar döwrüne degişli) Tapylan jemi gadymy eserleriň sany 1000 töweregi. Olaryň 100-si altyn şaý-seplerden ybarat. Şaý-seplerde esasan hem şol mahallar sebitde ýaşan bars, ýabany doňuz, gaplaň ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň suratlary bar. Geçirilen iň soňky gazuw-agtaryş işlerimiziň netijesinde bolsa tapylan eserleriň arasynda ýurdumyzda ozal hiç wagt gabat gelinmedik we gowy saklanan agaçdan ýasalan 2 käse tapdyk" diýip habar berdi. 

 



Degişli Habarlar