Erdogan Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Erdogan bilen Aliýew Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
2219159
Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Aliýew Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň Siriýada yzygiderli durnuklylygyň ýola goýulmagy üçn Siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew hem Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Fidan DKTR-da Saparda Bolýar
Daşary işler minstri Hakan Fidan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna sapar edýär