Özbegistanyň prezidenti täze hökümediň düzümini tassyklady

Özbegistanyň prezidenti Şewket Mirziýoýew, Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygynda düzülen täze hökümetiň düzümini tassyklady

2212672
Özbegistanyň prezidenti täze hökümediň düzümini tassyklady

Prezident ofisinden berilen beýanata görä, prezident Şewket Mirziýoýew, parlamentiň aşaky palatasy Kanunçylyk mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylandan soň hödürlenen täze hökümetiň düzüminiň tassyklanmagy bilen bagly kararnama gol çekdi.

Kararnamanyň esasynda, Abdulla Aripowyň ýaňadandan premýer-ministr wezipesinde bolan hökümetiň düzüminde, 4 wise-premýer we 20 ministr bar.

Özbegistanda 27-nji oktýabrda geçirilen umumy saýlawlardan soň ministrler kabinetiniň täze düzümini kesgitlemek maksady bilen hökümet, şu hepdäniň başynda wezipeden çekilipdi. 

Kanunçylyk mejlisiniň düýn geçirilen maslahatynda prezident Mirziýoýew, syýasy partiýalar bilen geçiren geňeşmeleriň netijesinde Aripowyň ýene-de premýer-ministr bolmagyny teklip edipdi, deputatlar hem gizlin ses berip, Aripowyň ýaňadandan premýer-ministr bolmagyny goldapdy. 

Hökümetiň düzüminde ozal dürli wezipelerde işlän Aripow, 2016-njy we 2019-njy ýyllarda geçirilen saýlawlardan soň premýer-ministr bolupdy.



Degişli Habarlar