Blinken, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

Taraplar Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edilýän tagallalary ara alyp maslahatlaşdy

2192004
Blinken, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen Nýu-Ýorkda duşuşdy.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Blinkeniň, Baýramow we Mirzoýan bilen Nýu-Ýorkda geçirlen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasynyň çäginde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada taraplaryň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi we döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalary ara alyp maslahatlaşandygy bellenildi.

 

 

 



Degişli Habarlar