“Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasynda Töwellaçy Bolup Bileris”
Ilham Aliýew "Eger islenen halatynda biz iki ýurduň arasynda töwellaçy bolmaga taýar” diýdi.
2184351
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda töwellaçy bolup biljekdiklerini aýtdy.
Her ýylyň sentýabr aýynyň başynda Italiýada geçirilýän Ambrosetti forumyna gatnaşan Aliýew, Russiýa we Ukraina bilen ýakyndan gatnaşyk edýändiklerini belledi.
Azerbaýjanyň hem Russiýa hem-de Ukraina bilen edýän gatnaşyklary göz öňünde tutulan halatynda bu etapda uly rol oýnap biljekdiklerini aýdan Aliýew “Ukraina bilen birlikde ähli ýurtlaryň territorial bitewiligine we özygtyýarlygyna uly goldaw berýäris. Şol bir wagtda Russiýa goýlan embargolara goldaw bermedik we bermeris. Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda töwellaçy bolmadyk. Eger islenen halatynda biz iki ýurduň arasynda töwellaçy bolmaga taýar” diýdi.