Gazagystan Çarwa Oýunlaryna Ýer Eýeçiligini Eder

Çarwa oýunlaryna 90-a golaý ýurtdan 2 müňden gowrak türgen gatnaşar.

2184449
Gazagystan Çarwa Oýunlaryna Ýer Eýeçiligini Eder

5-nji Bütindünýä çarwa oýunlary “Uly sährada duşuşyk” şygary bilen ertir Gazagystanda başlaýar.

2 ýyldan bir gezek geçirilýän we şu ýyl sentýabr aýynyň 8-13-i aralygynda paýtagt Asatanada geçiriljek 5-nji Çarwa oýunlaryna 90-a golaý ýurtdan 2 müňden gowrak türgen gatnaşar.

Astana Arena stadionynda geçiriljek açylyş dabarasyna 10-dan gowrak ýurduň döwlet Ýolbaşçysy gatnaşar.

Ilkinji 3 Çarwa oýuny Gyrgyzstanyň Çolpan-Ata şäherinde, 4-njisi Türkiýäniň Bursa welaýatynyň Iznik şäherinde geçirlipdi.

Bütindünýä Çarwa oýunlary ilkinji gezek bir paýtagtda geçirler.

Oýunlaryň çäginde at üstünde oýnalýan adaty oýunlar bilen birlikde sporduň jemi 21 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirler.

Çarwa oýunlary diňe sport bäsleşiklerinden däl, eýsem medeniýet we bilim ýaly etaplardan hem ybarat.

Çarwa oýunlaryna gatnaşjak toparlar üçin 400 at taýarlandy.

Goňşy ýurtlar özbegistanly we gyrgyzystanly türgenler öz atlary bilen geler.

 


Etiketkalar: #türgen , #çarwa , #Gazagystan

Degişli Habarlar