Tokaýew oligarhlar bilen başgaça gürleşjekdiklerini aýtdy
Gazagystanyň prezidenti Kassym Jomart Tokaýew halka ýüzlenip eden çykyşynda, çözgüde garaşýan birnäçe ykdysady meseleler barada gürrüň berdi
Döwlet kärhanalarynyň dolanşygy we bikanun emläkleriň haýyra geçirmek meseleleriniň üstünde durup geçen Gazagystanyň prezidenti, döwletiň ykdysadyýete gatnaşygyny optimizirlemelidigini aýtdy.
Tokaýew: “Döwletiň ykdysadyýete gönüden-göni gatnaşmagy henizem ýokary derejede we bu ýagdaý bazardaky deňlik şertlerini bozýar we hususy başlangyçlary basyp ýatyrýar. Döwlet kärhanalarynyň dolandyryş syýasatynyň entek ösmändigini kabul etmelidiris" diýip belledi.
Gazagystanyň prezidenti Kassym Jomart Tokaýew işewür dünýäsinde edilen özgertmeleriň üstünligini aýratyn belläp geçip, çözgüt tapylmaly meselelere ünsleri çekdi. Tokaýew: "Özgertmeleriň ilkinji tapgyrynda telekeçilik işlerini çäklendirýän 10 müňden gowrak zerur däl we köne jogapkärçilikler aýryldy. Şeýle-de bolsa, işewür adamlardan döwlet edaralarynyň aşa gözegçilik we barlag işleri barada şikaýatlar alýarys" diýdi.
Tokaýew bikanun emläkleri geçirmek meselesine aýratyn ünsi çekdi we ylalaşyk çemeleşmäni teklip etdi: "Hasaba alynan telekeçilere geçirilen emläk bikanun hasaplanmazdan şertnama baglaşmak mümkinçiligi beriler". Tokaýew hyzmatdaşlyk etmeýänlere garşy berk çäreleriň görüljekdigi barada duýduryş berip: "Ret ýa-da tapgyry uzadylan halatynda şol işewür adamlar bilen başgaça gürleşiler" diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Gazagystan Çarwa Oýunlaryna Ýer Eýeçiligini Eder
Çarwa oýunlaryna 90-a golaý ýurtdan 2 müňden gowrak türgen gatnaşar.
“Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasynda Töwellaçy Bolup Bileris”
Ilham Aliýew "Eger islenen halatynda biz iki ýurduň arasynda töwellaçy bolmaga taýar” diýdi.