Gyrgyzstanda Gyrgyz-Türk Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawod Gurulýar

Bu barada Gyrgyzstanyň Energetika ministrligi beýanna berdi.

2160602
Gyrgyzstanda Gyrgyz-Türk Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawod Gurulýar

Gyrgyzstanyň Energetika ministrliginden berilen beýannama görä Ministr Taalaýbek İbraýew Batket welaýatynda Kadamjaý etrabynyň Kok-Talaa obasynda zawoduň gurluşygy bilen tanyş boldy.

Firmanyň ýolbaşçylary Gyrgyz Döwlet Nebit-gaz edarasy we Gyrgyz-Türk Nebit-gaz firmasynyň günde 500 tonna çig nebiti gaýtadan işlemäge ukypldy zawoduň sentýabr aýynda ulanmaga berilmeýiniň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.

Ýolbaşçylar häzirki wagtda 41 gyrgyz we 10 türk hünärmeniň işleýän gurluşygynyň jemi gymmatynyň 91 million dollara barabardygyny, gurluşygyň 90 göteriminiň tamamlanandygyny, 4 nebit guýusynda abatlaýyş we taýýarlyk işleriniň dowam edýädigini, degişli rugsatlaryň alynandygyny habar berdiler.



Degişli Habarlar