Türki Dilli Döwletleriň Ýolbaşçylary Şuşada Duşuşýar

Sammite Türkiýäniň adyndan Wise-premýer Jewdet Ýylmaz gatnaşar.

2159665
Türki Dilli Döwletleriň Ýolbaşçylary Şuşada Duşuşýar

Türki dilli döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary we ýokary derejeli ýolbaşçylary ertir Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde bir ýere jemlenişýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň teklibine laýyklykda nobatdan daşary ýagdaýda geçiriljek sammite, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzstanyň döwlet ýolbaşçylary bilen ýokary dereli ýolbaşçylary gatnaşar.

Sammite Türkiýäniň adyndan Wise-premýer Jewdet Ýylmaz gatnaşar.

Sammite synçy ýurtlar Türkmenistanyň, DKTR-nyň we Wengriýanyň liderleri hem gatnaşar.

Sammitde Azerbaýjanyň ýolbaşçylyk etmeginde noýabr aýynyň 11-22-si aralygynda geçiriljek BMG-nyň Howa çalşygy maslahaty üçin görülýän taýarlyklar, bilelikdäki koridoryň we beýleki aragatnaşyk torlarynyň güýçlendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Sammite gatnaşýan liderler Garabag jarnamasyny kabul eder.

 



Degişli Habarlar