Gyrgyzstanda Agdarlyşyk Synanşygynyň Öňüniň Alynandygy Habar Berildi

Bu barasynda Milli Döwlet howpsuzlyk komiteti beýannama berdi.

2159702
Gyrgyzstanda Agdarlyşyk Synanşygynyň Öňüniň Alynandygy Habar Berildi

Milli Döwlet howpsuzlyk komitetiniň metbugat merkezinden berilen beýannamada güýç ulanmak arkaly häkimiýeti ele geçirmegi we köpçülikleýin biynjalyklyk döretmek ýoly bilen ýurtdaky jemgyýetçilik-syýasy şertleri durnuksyzlaşdyrmagy meýilleşdiren “kriminal we garakçy” toparyň öňüniň alynandygy habar berildi.

Geçirilen derňew işinde şol toparyň agzalarynyň “jemgyýet ideologiýasyny goldaýan we şol bir wagtda-da faniki görnüşde dini ideologiýa eý ebolan” adamlardan ybaratdygy beýan edildi.

Beýannamada operasiýa netijesinde ele salynan adamlaryň öýlerinde we ulaglarynda elde ýasalan partlaýyjy enjamlaryň, gyzgyn ýaraglaryň, ok-därileriň, rasia, güýç ulanyjy gulluklaryň egin-eşikleriniň, uçarmansyz howa ulaglarynyň we beýleki gadagan edilen neşirlerin tapylandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar