Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi

Azerbaýjana baran Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Prezident Aliýew tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.

2159861
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

Azerbaýjan tarapyndan berlen beýannamada, Türki döwletleriň guramasynyň Şuşa şäherinde geçiriljek döwlet Ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana baran Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Prezident Aliýew tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.

Ministr Fidan ertir geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler geňeşiniň maslahatyna gatnaşar.

Türki döwletleriň guramasynyň Şuşa şäherinde geçiriljek döwlet Ýolbaşçylarynyň resmi däl sammitine Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen birlikde Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gatnaşar.



Degişli Habarlar