Putin Bilen Aliýew Astanada Duşuşdy

Liderler duşuşykda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

2158945
Putin Bilen Aliýew Astanada Duşuşdy

Gazagystanyň paýtagty Astana Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň 24-nji liderler sammitine ýer eýeçiligini edýär.

Sammite, Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşýar.

Putin bilen Aliýew sammitiň öňüsyrasynda özara duşuşyk geçirdi.

Liderler duşuşykda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

“Özara hyzmatdaşlygymyz pugtalanýar” diýen Putin, Russiýanyň Azerbaýjanda 4,5 milliard dollarlyk maýa goýandygyny nygtady.

İki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň ýokarlamagyna ünsi çeken Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew bolsa, “Söwda gatnaşyklarynda milli pul birlikleriniň ulanylmaly diýseň möhüm” diýip belledi.



Degişli Habarlar