Azerbaýjan Söweş Döwründe Ukraina 40 Million Dollarlyk Ynsanperwer Kömegini Berdi

Jeýhun Baýramow, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen “2024 Ukraina goldaw” konferensiýasynda çykyş etdi.

2151731
Azerbaýjan Söweş Döwründe Ukraina 40 Million Dollarlyk Ynsanperwer Kömegini Berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, söweş döwründe Ukraina 40 million dollarlyk ynsanpwer kömegini berendiklerini aýtdy.

Jeýhun Baýramow, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen “2024 Ukraina goldaw” konferensiýasynda çykyş etdi.

Azerbaýjanyň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini aýdan Baýramow, 2022-nji ýyldan bäri Russiýa bilen dowam edýän söweşiň bes edilmegine we meseläniň halkara hukugyna laýyklykda diplomatiýa arkaly çözülmegine goldaw berýändiklerini nygtady.

Azerbaýjanyň Ukraina ynsanperwer kömegini berýän esasy ýurtlardan biridigini nygtan Baýramow “Azerbaýjan azyk we lukmançylyk kömegi bilen birlikde Ukraina 40 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berdi” diýdi.

 



Degişli Habarlar