Azerbaýjanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Ankara Geldi

Prezident Erdogan, kärdeşi Aliýewi paýtagt Ankarada Esenboga howa menzilinde garşylady.

2151075
Azerbaýjanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Ankara Geldi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde iş sapary bilen Türkiýä geldi.

Prezident Erdogan, kärdeşi Aliýewi paýtagt Ankarada Esenboga howa menzilinde garşylady.

Erdogan bilen Aliýew howa menzilindäki gysga duşuşykdan soň Prezidentiň Kompleksine geçdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan düýn berlen beýannamada, “Paýtagt Ankarada geçiriljek gepleşiklerde, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar, hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy meselesi gün tertibine getirler” diýlipdi.

Beýannamada, saparyň çäginde şeýle hem aktual sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygy bellenildi.



Degişli Habarlar