YHG-nyň 16-njy Sammiti Daşkentde Başlady

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 16-nji Sammiti Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde başlady.

2062429
YHG-nyň 16-njy Sammiti Daşkentde Başlady
Ekonomik İşbirliği Teşkilatı (EİT) 16'ncı Zirvesi.jpg

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylyk etmeginde guralan sammitden ozal liderler ýadygärlik surat aldyrdylar.

Sammite gatnaşýan Prezident R.T.Erdoganyň çykyş edip, liderler bilen özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Ysraýylyň Palestinada 7-nji oktýabrdan bari üznüksiz dowam edýän hüjümlerini bes etmegi, Palestina gyssagly ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi sammitiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Sammitde agza ýurtlaryň arasyda söwda, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlar ediler.

Sebitleýin meselelere-de garaljak sammitde, sebit bilen Türkiýäniň arasynda gönüden gara ýoly arabaglanşygyny ýola goýjak Zengezur geçelgesinde ýetilen soňky sepgit seljeriler.



Degişli Habarlar