Azerbaýjan, Garabagdaky Ermenilere Ynsanperwer Kömegini Berdi

2 konteýnerlik we 2 ulaglyk ynsanperwer kömegi Agdam şäherine tarap ugrady.

2040726
Azerbaýjan, Garabagdaky Ermenilere Ynsanperwer Kömegini Berdi

Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Garabagdaky ermeni ilat üçin ugradan gyssagly ynsanperwer kömegini alyp giden ulaglar sebite tarap ugrady.

Azerbaýjanly ýolbaşçylar bilen Garabagdaky ermeni ilatyň wekilleriniň düýn Azerbaýjanyň Ýewlah şäherinde geçiren duşuşygynda ynsanperwer kömek meselesi gün tertibine getirlipdi.

Ermeni ilatyň wekilleri Azerbaýjandan, sebitdäki Ermenilere gyssagly kömegiň berilmegini isläpdi.

Ermeni ilatyň işlegine laýyklykda Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi tarapyndan taýarlanan 2 konteýnerlik we 2 ulaglyk ynsanperwer kömegi Agdam şäherine tarap ugrady.

40 tonnalyk azyk önümleri we arassaçylyk serişdeleri bilen çörek alyp giden ulaglar Agdamdan geçip ermeni ilatyň ýaşaýan ýeri bolan Hankendi şäherine barar.

Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň Garabagdan jogapkär ýolbaşçysy Mirali Feýziýew, Garbagdat ermeni ilata ynsanperwer kömegini bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar