Türki Maýa Goýum Gaznasynyň Döredilmegi Hakyndaky Taslama Tassyklandy
Gazagystanyň Parlamenti Türki maýa goýum gaznasynyň döredilmegi hakyndaky taslamany tassyklady.

Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet ministri Alibek Kuanttow ylalaşyk hakynda Mejlisde sözlän sözünde; “Bar bolan global geosyýasy durnuksyzlyk şertlerinde Gazagystanyň halkara gatnaşyklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy esasy maksatlarymyzdan biridir. Onuň delillerinden biri hökmünde ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etjek ähli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin iş alyp barýarys. Şol çäkde özara hyzmatdaşlyklaryň ýany bilen köptaraply platformalaryň çäginde-de bilelikdäki işlerimizi işjeň dowam etdirmeli. Şol platformalardan biri hem Türki döwletleriň guramasydyr” diýdi.
Türki döwletleriň guramasynyň taryhy başlangyç hökmünde iş ýüzüne geçiren Türki maýa goýum gaznasy maý aýynda Stambulda döredilipdi.
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzstanyň agza bolan esaslandyryjy ylalaşyk mundan ozal Azerbaýjanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanypdy.
Türki maýa goýum gaznasy, Türki dünýäniň Halkara pul gaznasy ýa-da Bütindünýä banky hökmünde häsýetlendirilýär.
500 million dollar maýa bilen öz işine başlan gaznada her bir agzanyň 20 göterimlik paýy bar.
Maýadarlaryň we telekeçileriň goldanmagyny maksat edinýän bu hyzmatdaşlyk şol bir wagtda-da ykdysady integrasiýa goşant goşar.
Uzak möhletde agza ýurtlaryň ykdysady syýasatlary biri-birleri bilen utgaşýan bolsa, wagtyň geçmegi bilen söwda, goranyş we tehnologiýa ýaly ugurlarda möhüm maýa goýumlar iş ýüzüne geçiriler.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.

ÝUNESKO-nuň Sessiýasy Samarkandda Geçiriler
Bu barasynda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.