Milli Goranmak Ministri Güler, Azerbaýjanly Kärdeşini Gutlady
Güler, Azerbaýjanyň harby goşunynyň antiterror operasiýasynda gazanan üstünligi mynasibetli Hasanowy gutlady.
2040500

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, Azerbaýjanyň harby goşunynyň Garabagdaky antiterror operasiýasynda gazanan üstünligi mynasibetli Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanowy gutlady.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Milli Goranmak ministri Güler, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Hasanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Operasiýanyň üstünlikli ýagdaýda tamamlanmagy bilen kärdeşi Hasanowy gutlan Güler, Türkiýäniň Azerbaýjana berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.
Güler, operasiýada şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi, ýaralananlara şypa diledi.
Degişli Habarlar

Azerbaýjanda Ýer Titredi
Azerbaýjanda ýerli wagt bilen 08.16-da güýç merkezi Hazar deňizinde ýer titremesi boldy