Erdogan Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan,Garabagda ermeni ýaragly toparlara garşy alnyp barlan antiterror operasiýasy hakynda Aliýewden maglumat aldy.

2040336
Erdogan Bilen Aliýew Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Azerbaýjanyň harby goşunynyň Garabagda ermeni ýaragly toparlara garşy alyp barýan we ylalaşyk bilen netijelenen antiterror operasiýasy hakynda kärdeşi Aliýewden maglumat aldy.

Prezident Erdogan, Türkiýänin Azerbaýjana ýakyndan goldaw bermäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde şeýle hem iki ýurdy ýakyndan gyzyklandyrýan sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar