“Türkiýe Asyry Şol Bir Wagtda DKTR-nyň Asyry Bolar”
Ýylmaz, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen paýtagt Lefkoşada duşuşdy.

Prezidentiň Orunbasary Jewdet Ýylmaz, Türkiýe bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze başlangyçlara sebäp boljakdygyna ynanýandyklaryny aýtdy.
Ýylmaz, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen paýtagt Lefkoşada duşuşdy.
Özara duşuşykdan öň metbugata beýannama beren Ýylmaz, Türkiýe asyrynyň şol bir wagtda “DKTR-nyň asyry” boljakdygyny, DKTR-nyň dünýäde has güýçli ýurtlardan biri boljakdygyny aýtdy.
Saparynyň çäginde möhüm we netijeli duşuşyklar geçirendiklerini aýdan Ýylmaz, “Türkiýe Respublikasy bilen DKTR-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmek bilen dowam etjekdigini we halkara derejesinde edýän şol hyzmatdaşlygymyzyň täze başlangyçlara sebäp boljakdygyna ynanýarys” diýip belledi.
Kipr türk halkyna Prezident Erdoganyň salamyny ýetiren Prezidentiň Orunbasary Jewdet Ýylmaz “Prezidentimiz size uly goldaw berýär. Siziň durnuklylygyňyz we DKTR-nyň güýçlenmegi biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.
Degişli Habarlar

Garabagda Geçirlen Antiterror Operasiýasynda 192 Esger Şehit Boldy
Garabagdaky ýaragly ermeni güýçler 24 sagat dowam eden operasiýadan soň ýaraglaryny taşlapdy.

TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
“Özara hyzmatdaşlarymyz Aziýa we Ýewropa ýurtlary taýdan diýseň möhüm"