Azerbaýjan Türkiýä Gynanç Bildirdi
Azerbaýjan “Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi.

Azerbaýjan Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda şehit bolan esgerler üçin gynanç bildirdi.
Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda terrorçylaryň açan ody sebäpli şehit bolan esgerler üçin Milli Goranmak ministri Ýaşar Güle gynanç ýüzlenmesini ugrady.
Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow ýüzlenmesinde “Doganlyk Türk ýaragly güýçleriniň terror howpuny ortadan aýyrmak üçin, asuda ilaty terrorçylykly hüjümlerden we howplardan goramak üçin alyp barýan “Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda türk goşunynyň gahryman esgerleriň arasynda şehit bolanlaryň we ýaralananlaryň bardygy hakyndaky habarlar meni çuňňur gynandyrdy” diýdi.
Ýüzlenmesinde şehit esgerlere Alladan rehnet dilän Hasanow, ýaralanan esgerlere hem şypa diledi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.

ÝUNESKO-nuň Sessiýasy Samarkandda Geçiriler
Bu barasynda Özbegistanyň Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.