“Güýçli Türkiýe, Güýçli Azerbaýjan, Güýçli Azerbaýjan Güýçli Türkiýe Diýmek”

Ministr Fidan, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Baýramow bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

2018290
“Güýçli Türkiýe, Güýçli Azerbaýjan, Güýçli Azerbaýjan Güýçli Türkiýe Diýmek”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Güýçli Türkiýe, güýçli Azerbaýjan, güýçli Azerbaýjan güýçli Türkiýe diýmekdir” diýdi.

Ministr Fidan, paýtagt Ankarada Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Hakan Fidan beýannamasynda , “Güýçli Türkiýe, güýçli Azerbaýjan, güýçli Azerbaýjan güýçli Türkiýe diýmekdir” diýdi.

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Fidan, sebitara  durnuklylygyň ýolunyň parahatçylyk şertnamasyndan geçýändigini we munyň için Zengezur koridorynyň açylmagynyň möhümdigini aýtdy.

Laçin ýolunyň Azerbaýjana degişlidigini aýdan Fidan, “Azerbaýjanyň bu ýolda degişli çäreleri görmek hukugy bar” diýdi.

Ermenistanyň Azerbaýjanyň territoriasyny basyp alandygy sebäpli Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň bes edilendigini ýatladan Hakan Fidan, “Basyp alyşlyk ortadan aýrylan bolsada Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda serhetler meselesindäki düşnüşmezlik dowam edýär. Biz mesele bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Türkiýe hökmünde Ermenistanyň bilen Azerbaýjanyň arasynda şertnama baglaşylandan soň Ermenistan bilen edýän gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak isleýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Fidan, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň Ýewropanyň energetika howpsuzlygyna uly goşant goşjakdygyny belledi.

 



Degişli Habarlar