Gazagystanda zamun alynan bankyň işgärleri halas edildi
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Kaspi.kz atly bankyň şahamçasynda zamun alynan 7 işgär halas edildi

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, polisiýa işgärleri bankyň işgärleriň zamun alynan bankyň binasyna garşy operasiýa geçirdi.
Takmynan 2 sagat dowam eden üstünlikli operasiýadan soň bankyň işgärleri halas edildi.
Banka girip işgärlerini zamun alan adam bolsa tussag edildi. 30 ýaşyndaky hüjümçiniň ozal neşe maddalaryny ulanmak jenaýatyndan hasaba aynandygy mälim edildi.
Içeri işler ministri Marat Ahmetjanow, operasiýada ses bombasynyň we gözüňi ýaşardýan gazyň ulanylandygyny we waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.
Ahmetjanow bankyň işgärleirni zamun alan adamyň öz dogan-garyndaşlarynyň we dostlarynyň bank hasaplaryna pul geçirmek ýaly talaplarynyň bolandygyny aýan etdi.
Degişli Habarlar

Gazagystanda pansionatlaryň birinde ýangyn boldy
Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän pansionatlaryň birinde bolan ýangynda 13 adam ýogaldy

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Gümrük Gulluklarynyň Maslahaty Geçirildi
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda gümrük ugry boýunça hyzmatdaşlyk ösýär.