Kubanyçbek Omuraliýew Täze Ministrleri Gutlady

Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary Ömüraliýew, Ministrler kabinetiniň täze düzüminde ýer alan ministrleri gutlady.

1996496
Kubanyçbek Omuraliýew Täze Ministrleri Gutlady

Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omoraliýew, Ministrler kabinetiniň täze düzüminde ýer alan ministrleri gutlady.

Omoraliýew gutlag hatynda, 28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynden soň yglan edilen Ministrler kabinetiniň täze düzüminde ýer alan ministrlere rowaçlyk arzuw etdi.

Türkiýaniň şu günki güne çenli bolşy ýaly gurama we doganlyk türk döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtan Omoraliýew, täze döwürde hem şol hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etmegini umyd edýändigini nygtady.

Omoraliýew hatynda “Size täze wezipäňizde rowaçlyk arzuw edýarin. Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary hökmünde doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin alyp barjak işleriňizde öz üstümize düşýän jogapkärçiligimi ýerine ýetirmäge taýardygymy nygtamak isleýärin”diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar