Mustafa Şentop Azerbaýjany Garaşsyzlygy bilen gutlady

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň 105-nji ýyly bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1991975
Mustafa Şentop Azerbaýjany Garaşsyzlygy bilen gutlady

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop sosial media hasabyndan "#BirMilletIkiDowlet" heştegi bilen beýanatynda: "Dost we doganlyk ýurt, jan Azerbaýjanyň 28-nji maý Garaşsyzlyk Güni gutly bolsun. Watan ugrunda, Garaşsyzlyk ugrunda şehit bolan gahrymanlarymyzy hormat we merhemetlilik bilen ýatlap geçýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar