“Gepleşikleriň Kawkaza Parahatçylyk Getirjekdigine Ynanýarys”

Ilham Aliýew Litwada saparda boldy

1989495
“Gepleşikleriň Kawkaza Parahatçylyk Getirjekdigine Ynanýarys”

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Azerbaýjanyň topraklaryny 30 ýyl basyp alyşlyk astynda tutandygyna we sebiti haraba öwürendigine garamazdan Ermenistan bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagyň gutulgysyzdygyna ynanýandygyny we munyň üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Aliýew, Litwa guran saparynyň çäginde Prezident Gitanas Nauseda bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda, Ermenistan bilen geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri hakynda maglumat berdi.

Prezident Aliýew, “Gepleşikleriň Kawkaza parahatçylyk getirjekdigine ynanýarys. Ermenistanyň Azerbaýjanyň topraklaryny 30 ýyl basyp alyşlyk astynda tutandygyna we sebiti haraba öwürendigine, basyp alyşlyk sebäpli 1 million azerbaýjanlynyň öz topraklaryny terk edendigine garamazdan Ermenistan bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmagyň gutulgysyzdygyna ynanýarys we munyň üçin tagalla edýäris. Elbetde parahatçylyk şertnamasy halkara kadalaryna bap gelmeli” diýdi.



Degişli Habarlar