Ermenistan serhet zolagyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere od açdy
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň harby güýçleriniň serhet zolagyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 07:15-de Ermenistanyň goşunynyň, Kelbejer welaýatynyň Ýellije ýaşaýyş zolagynyň golaýynda ýerleşýän Azerbaýjanyň goşunyna degişli ýerlere uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm gurandygy mälim edildi.
Beýanatda geçirilen derňew işinde ermeniler tarapyndan uçarmansyz howa ulaglaryndan atylan ok-därileriň galyndylarynyň tapylandygy habar berildi.
Azerbaýjanyň goşunyndan ýitgi çekilmändigi bellenen beýanatda, Azerbaýjanyň goşunynyň hüjüme garşylyk görkezip od açandygy aýan edildi.
Beýanatda sebitde emele gelen dartgynlygyň jogapkäriniň Ermenistanyň harby we syýasy dolanşygyna degişlidigi mälim edildi.
Degişli Habarlar

Azerbaýjanyň Mejlisi, Türk Maýa Goýum Gaznasynyň Döredilmegini Tassyklady
Taslama, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanandan soň güýje girer.