Özbegistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Prezident we Parlament saýlawlarynyň üstünlikli ýagdaýda geçmegi mynasybetli Prezident Erdogany gutlady

1986579
Özbegistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň Prezidentliginden berilen beýanata görä Şewket Mirziýoýew, Erdogana telefon arkaly jaň edip, saýlawyň netijeleriniň Türkiyäniň halkynyň Erdoganyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasy üýtgeşmeleriniň we ykdysady özgertmeleriniň giňişleýin häsýetdäki goldawynyň görkezijisidigini beýan etdi. 

Telefon söhbetdeşliginde Özbegistan bilen Türkiyäniň arasyndaky giň-gerimli strategik hyzmatdaşlygyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem özgerdilmegi bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşan liderler, Ýokary derejeli strategik geňeşiniň nobatdaky maslahatyna taýarlyk bilen bagly ugurlary gözden geçirdiler. 



Degişli Habarlar