Gazagystanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentiniň maslahatçysyny kabul etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň maslahatçysy Izabel Dýumony kabul etdi

1970980
Gazagystanyň Prezidenti Fransiýanyň Prezidentiniň maslahatçysyny kabul etdi

Gazagystanyň Prezidentliginden berilen beýannama görä, Tokaýew resmi sapar bilen Astana şäherine gelen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň maslahatçysy Izabel Dýumony kabul etdi. 

Prezidentiň Akorda köşgünde geçen duşuşykda, Izabel Dýumon Tokaýewe Fransiýanyň Prezidenti Makronyň hatyny gowşurdy. 

Tokaýew Makrona haty üçin minnetdarlyk bildirdi we Fransiýanyň ýurdy üçin Ýewropadaky iň möhüm syýasy we ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini habar berdi. 

Geçen ýyl 29-njy noýabrda Makron bilen geçiren duşuşygynyň özünde oňyn täsir galdyrandygyny aýdan Tokaýew: "Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki ileri tutulýan ugurlar bilen birlikde halkara derejedäki mesleleri 2 sagatdan gowrak möhlediň dowamynda ikiçäk häsýetde maslahatlaşdyk" diýip mälim etdi. 

Fransiýanyň Gazagystanyň möhüm syýasy we ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigine ünsleri çeken Tokaýew: "Döwletiňiz bilen edýän hyzmatdaşlygymyza ähmiýet berýäris, ýurduňyzyň halkara arenadaky roluny bilýäris we Fransiýanyň ykdysady potensialyna dogry baha berýäris" diýip belledi.

Tokaýew Fransiýanyň 2008-nji ýylda Gazagystan bilen strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol goýan Ýewropa Bileleşigine agza ilkinji ýurt bolandygyny ýatladyp: "Ýurtlarymyzyň arasynda islendik derejede işjeň we ynama esaslanýan bir syýasy diýalogyň dowam edýändigini ýene-de bir gezek nygtap geçmek isleýärin" diýip aýtdy. 

Izabel Dýumon hem Fransiýanyň Gazagystan bilen gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigini habar berdi. 



Degişli Habarlar