Ersin Tatara Edilen Gödeklik Ýazgaryldy
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatara edilen gödek çemeleşme syýasatçylar tarapyndan ýazgaryldy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Tatara edilen hüjümi ýazgardy.
Şentop sosial media hasabyndan beren habarnamasynda;”DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatara Britaniýanyň paýtagty Londonda edilen hüjümi berk ýazgaryp, geçdigi bolsun dileglerimi ýetirýärin. Şu we şuňa meňzeş meçew beriji aksiýalar, Kipriň türk halkynyň hakly gowgasy ugrundaky gowgasyny hiç haçan bökdemez. Milli gowgamyzda Kipr türkleri bilen arkalaşygymyz dowam eder” diýip ýazdy.
Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý bolsa Ersin Tatara telefon edip, geçdigi bolsun dileglerini ýetirdi.
Oktaý; “Türkiýe elmydama we her meselede siziň ýanynyzda” diýdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Tatara ýagşy dileglerini ýetirdi.
Çawuşogly: “DKTR-nyň Türki döwletleriň guramasyna synçy agzalygynyň başda durmagynda artýan abraýyny görübilmezçilik edýän rumlar agressiwleşmäge başlady” diýdi.
Adalaty we ösüş partiýasynyň Başlygynyň wekili Numan Kurtulmuş bolsa “Hormatly Tatara guralan bu hüjümi sebäpli Britaniýany dessine degişli çäräni görmäge çagyrýarys” diýdi.
Kurtulmuş; “Kipr türkleriniň ykbaly, biziň ykbalymyzdyr. Hormatly Prezidentimize geçdigi bolsun diýýäris” diýdi.
Degişli Habarlar

Garabagda Geçirlen Antiterror Operasiýasynda 192 Esger Şehit Boldy
Garabagdaky ýaragly ermeni güýçler 24 sagat dowam eden operasiýadan soň ýaraglaryny taşlapdy.

TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
“Özara hyzmatdaşlarymyz Aziýa we Ýewropa ýurtlary taýdan diýseň möhüm"