“Ermenistan Bilen Başdan Geçirýän Kynçylyklarymyzy Parahatçylykly Ýagdaýda Çözmek Isleýäris”

Asaf Hajiýew, Azerbaýjanyň, Ermenistan bilen başdan geçirýän kynçylyklaryny parahatçylykly ýagdaýda çözmek isleýändigini aýtdy.

1964403
“Ermenistan Bilen Başdan Geçirýän Kynçylyklarymyzy Parahatçylykly Ýagdaýda Çözmek Isleýäris”

 

Gara deňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar Asambleýasynyň Baş sekretary Asaf Hajiýew, söweşe garşy tutum alyp barýan Azerbaýjanyň, Ermenistan bilen başdan geçirýän kynçylyklaryny parahatçylykly ýagdaýda çözmek isleýändigini aýtdy.

Anadolu habarlar gullugyna beýannama beren Hajiýew, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky territorial bitewilik düşnüşmezliginiň indi yzigderli çözülmelidigine ünsi çekdi.

Kataloniýanyň garaşsyzlyk talabyny ýatladan Hajiýew, “ÝB Ispaniýa goldaw berdi we talaby “kabul edilmesiz” hökmünde häsiýetlendirdi. Ispaniýanyň territorial bitewiligine sarpa goýanlar, Garabagyň Ermenilere berilmegi üçin çagyryş etdi. Ispaniýanyň territorial bitewiligine sarpa goýanlar, Azerbaýjanyň bitewiligine hem sarpa goýmalydyr. Şeýle bolman halatynda bu iki ýüzli çemeleşmedir” diýdi.

Hajiýew, Azerbaýjanyň Garabag söweşi bilen basyp alyşlyk astyndaky ýerleriniň bir bölegini yzyna alandygyny nygtap, Ermenistan gepleşige garşy duran halatynda Azerbaýjanyň basyp alyşlyk astyndaky ýerleriniň galan bölegini hem yzyna almak üçin güýç ulanmakdan gaça durmajakdygyny ýatlatdy.

Söweşe garşy durýandyklaryny aýdan Hajiýew, “Elbetde Ermenistan bilen söweşmek islemeýäris, sebäbi söweşde ýaşlarymyz wepat bolýar. Biz Ermenistan bilen başdan geçirýän kynçylyklarymyzy parahatçylykly ýagdaýda çözmek isleýäris. Ermenistanyň söweş arkaly däl eýsem gepleşik arkaly galan ýerlerimizi yzyna bermegini umyd edýäris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar