Türki Maýa Goýum Gaznasy Ykdysady Bitewilige Goşant Goşar
Prezident R.T.Erdogan Türki maýa goýum gaznasynyň türki dünýäde ykdysady bitewilige goşant goşjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada geçirilen Türki döwletleriň nobatdan daşary sammiti hakynda beýannama berdi.
Sammiti üstünlikli geçirendiklerini beýan eden Erdogan, Guramanyň agzalary we synçy agzalary bilen Türkiýede bolan ýer titreme hem-de sil betbagtçylyklaryndan soň arkalaşmak maksady bilen duşuşandyklaryny aýtdy.
Sammite ganaşan döwlet ýolbaşçylaryna sagbolsun aýdan Prezident Erdogan; “Başdan geçiren betbagtçylygymyzda türki dünýäniň eden arkalaşygyny, jebisligini hiç haçan ýatdan çykarmarys” diýdi.
Erdogan maksatlarynyň bir ýylyň dowamynda ýer titremäniň bolan sebitindäki ýaşaýyş jaý zerurlygynyň esasy bölegini ortadan aýyrjak ýokary hili we howpsuz binalary gurmakdan ybaratdygyny beýan etdi.
Türki dünýäde bitewileşmäniň lokomotiwi bolan ykdysadyýet, söwda, ulaglar we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklary hem seljerendiklerini aýdan Erdogan; “Türki maýa goýum gaznasyny esaslandyrmak hakyndaky ylalaşyga goş çekişilmegi, Sammitiň anyk netijelerinden biri boldy. Gazna arkaly kiçi we orta ululyklardaky kärhanalara, galkynyş taslamalaryna, ulaglar we logistika ulgamlaryna, infrastruktura taslamalaryna, oba hojalyk we syýahatçylyk ugurlaryndaky maýa goýumlara hem-de gaýtadan işlenýän energiýa pudagyna goldaw beriler” diýdi.
Türki maýa goýum gaznasynyň türki dünýäde ykdysady bitewileşmä hem goşant goşjakdygyny nygtan Erdogan; “Dörediljek gazna Stambulda ýerleşer. Şeýlelikde global maýa goýum giňişliginde Stambulyň eýeleýän merkezi pozisiýasynyň hem güýçlenmegini ýola goýarys” diýdi.
Degişli Habarlar

Azerbaýjan Palestinada Diplomatik Wekilhana Açar
Azerbaýjanyň Palestinada diplomatik wekilhana açmak hakyndaky kararyna kanagatlanma bildildi

Gazagystanyň Premýer ministri wezipesine ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi
Gazagystanda hökümediň başyna ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi