Azerbaýjanda Nowruz Baýramyna Bagyşlanan Çäreler Başlady
Baýramçylyk dabaralary 27-nji marta çenli dowam eder.


Azerbaýjanda Türki dünýäniň esasy baýramlaryndan biri bolan, baharyň habarçysy hökmünde kabul edilýän Nowruz baýramy dürli çäreler bilen bellenilip geçilýär.
Nowruz baýramyna bagyşlanan çäreler paýtagt Bakuwyň Surahany etrabyndaky taryhy Ateşgah meýdanynda başlady.
Bakuwlylar çärä uly gyzyklanma görkezdi.
Nowruz baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde aýdym saz toparlary çykyş etdi. Ýerli tagamlar we el hünärleri tanyşdyryldy.
Nowruz baýramy mynasybetli ýurtda 27-nji marta çenli resmi dynç alyş yglan edildi.
Baýramçylyk dabaralary 27-nji marta çenli dowam eder.
Degişli Habarlar

Azerbaýjan Palestinada Diplomatik Wekilhana Açar
Azerbaýjanyň Palestinada diplomatik wekilhana açmak hakyndaky kararyna kanagatlanma bildildi

Gazagystanyň Premýer ministri wezipesine ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi
Gazagystanda hökümediň başyna ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi