Türki Döwletleriň Guramasynyň Nobatdan Daşary Maslahaty Ankarada Geçiriler

Türki döwletleriň guramasynyň agzalary Türkiýede başdan geçirilen ýer titremeler sebäpli nobatdan daşary gün tertibi bilen jemlenşýär.

1960438
Türki Döwletleriň Guramasynyň Nobatdan Daşary Maslahaty Ankarada Geçiriler
mirziyoyev-erdogan.jpg
caparov-erdogan.jpg

Sammit Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygynda guralýar.

Prezident Erdogan gurama agza käbir ýurtaryň Prezidentleri bilen duşuşdy.

Erdoganyň ilkinji myhmany Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew boldy.

Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen hem özara duşuşyklar geçirdi.

Myhman döwlet ýolbaşçylary Türkiýede başdan geçirilen ýer titremeler zerarly Erdogana “geçdigi bolsun” dileglerini ýetirdiler. Duşuşyklarda özara gatnaşyklar we sebitleýin mesleler hakynda pikir alyşyldy, Türki döwletleriň guramasynyň gün tertibindäki ugurlar seljerildi.

TDG-nyň Nobatdan daşary Sammitine Türkiýe bilen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Beştepede geçiriler.

Synçy ýurt derejesinde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Türkmenistan we Wengriýa hem sammite gatnaşýar.

Türkiýede bolan ýer titremelerden soň ediljek bilelikdäki başlangyçlar bilen türki dünýäni gyzyklandyrýan mesleler maslahatyň gün tertibinde bolar.

 



Degişli Habarlar