Erdogan Tokaýew Bilen Duşuşdy
Prezident R.T.Erdogan Gazagystanyň döwlet Ýolbaşçysy Kassym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewi paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde döwlet Ýolbaşçysy Erdogan garşylady.
Taryhda gurlan 16 türk döwletiniň baýdaklary bilen esgerleriň gatnaşmagyndaky garşylama dabarawsynda Erdogan bilen Tokaýew basgançaklarda Türkiýäniň we Gazagystanyň baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surat aldyrdylar.
Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçirildi.
Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow we Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşyklar geçiripdi.
Degişli Habarlar

Azerbaýjan Palestinada Diplomatik Wekilhana Açar
Azerbaýjanyň Palestinada diplomatik wekilhana açmak hakyndaky kararyna kanagatlanma bildildi

Gazagystanyň Premýer ministri wezipesine ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi
Gazagystanda hökümediň başyna ýaňadandan Alihan Ismailow bellendi