Azerbaýjan: "Ermenistan prowokasiýa etmek isleýär" diýdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, Ermenistanyň goşunynyň Azerbaýjanyň goranyş liniýalaryna od açýandygyny belläp, resmi Ýeriwanyň sebitde emeli dartgynlyk emele getirmäge synanyşýandygyny habar berdi

1957312
Azerbaýjan: "Ermenistan prowokasiýa etmek isleýär" diýdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn agşam sagat 21:30-dan şu gün daňdan sagat 04:15-e çenli Azerbaýjan-Ermenistan serhedindäki we Garabag sebitindäki Azerbaýjanyň goşunynyň liniýalaryna Ermenistanyň goşuny we bikanun ermeni ýaragly güýçler tarapyndan 23 gezek od açylandygy mälim edildi. 

Azerbaýjanyň goşunynyň garşylyk görkezip, jogap od açandygy bellenen beýanatda: "Ermenistanyň Ýaragly güýçleri liniýalara garşy ulgamlaýyn häsýetde od açyp, garşylyk görkezmek üçin öjükdirýär we serhetde iş alyp barýan Ýewropa BIleleşiginiň raýat missiýasynyň wekilleriniň arasynda ýalňyş kanagat döretmäge, sebitde emeli dartgynlyk emele getirmäge synanyşýar. Ermenistan tarapyndan amala aşyrylyp bilinjek prowokasiýalaryň we onuň netijesinde bolmagy ähtimal asuda ilat ýitgileriniň ähli jogapkärçiliginiň resmi Ýeriwana degişlidigini ýene-de bir gezek nygtaýarys" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar