Prezident Erdogan DKTR-nyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan düýn şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçiripdi

1951511
Prezident Erdogan DKTR-nyň we Azerbaýjanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
İlham Aliyev ve Erdoğan.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar we DKTR-nyň Premýer ministri Ünal Üstel bilen duşuşyk geçirdi. 

6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululugyndaky ýer titremeler sebäpli Türkiyä gynanç we duýgudaşlyk saparlary guralmaga dowam edilýär. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar we DKTR-nyň Premýer ministri Ünal Üstel bilen Stambul şäherindäki Wahdettin köşgünde duşuşyk geçirdi. 

Duşuşyk metbugata ýapyk häsýetde geçdi. 

Prezident Erdogan düýn şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçiripdi. 



Degişli Habarlar