Täjigistanda Harsaň Sebäpli 17 Adam Ýogaldy
Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär
1947678
Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar komiteti tarapyndan berlen beýanamada, ýurduň daglyk sebitlerinde soňky günlerde harsaň sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 17 adama ýetendigi nygtaldy.
Beýannamada, 100 ýerde harsaň düşendigi, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi bellenildi.
Harsaň sebäpli paýtagt Duşenbe bilen ýurduň demirgazygyny birleşdirýän Duşenbe-Çanak ýolu bilen birlikde käbir ýollaryň gatnawa ýapylandygy ýatladyldy.
Ýolbaşçylar düýn tebigy apatda 4 öýüň dolulygyna ýykylandygyny, 35 bina bilen 5 kärhana uly zeper ýetirlendigini mälim etdi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.