Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

Mewlüt Çawuşoglu, Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň Azerbaýjanly, Türkmenistanly we Irlandiýaly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1945090
Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň Azerbaýjanly, Türkmenistanly we Irlandiýaly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Çawuşoglu Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Çawuşogly, Irlandiýanyň Daşary işler we Goranmak ministri Mişel Martin bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly kärdeşleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we 10 welaýatda uly weýrançylyga sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi we berilýän kömekler hakynda pikir alyşdy.

Ministr Çawuşoglu, 6-njy fewralda bolan ýer titremesinden bäri 50-den gowrak telefon söhbetdeşligini geçirdi.

 

 



Degişli Habarlar