Azerbaýjan, Türkiýä 370 Adamlyk Gözleg we Halas Ediş Toparyny Ugradar
Prezident Aliýewiň tabşyrygy boýunça ilkinji etapda 370 adamlyk gözleg we halas ediş toparyn Türkiýä ugradylar

Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi, Kahramanmaşaryň Pazarjyk etrabynda bolan we 10 welaýatda duýulan 7,4 bal ululygyndaky ýer titremesi sebäpli Türkiýä 370 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň ugradyljakdygyny habar berdi.
Ministrlikden berlen beýannamada, Prezident Ilham Aliýewiň, Türkiýede bolan ýer titremesiniň ýaramaz täsiriniň ortadan aýrylmagy we gözleg we halas ediş toparlaryna goldaw berilmegi maksady bilen Türkiýä kömek berilmegi boýunça görkezme berendigi nygtaldy.
Beýannamada, Prezident Aliýewiň tabşyrygy boýunça ilkinji etapda 370 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň Türkiýä ugradyljakdygy bellenildi.
Degişli Habarlar

Gazak Nebiti Baku-Tiblisi-Jeýan Geçirijisi Arkaly Akdyrylmaga Başlandy
Ilkinji tanker Gazagystanyň Aktau portundan Azerbaýjanyň Sengeçal terminalyna geldi.