Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Özbegistanda Saparda Bolýar

Duşuşykda gurama bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmegine kanagatlanma bildirildi.

1936768
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Özbegistanda Saparda Bolýar

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegisana giden Türki Döwletleriň guramasynyň Baş sekretary ilçi Kubanyçbek Ömüraliýew, paýtagt Daşkentde Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili Bahtiýar Saidow bilen duşuşdy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Duşuşykda gurama bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmegine kanagatlanma bildirildi.

Guramanyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Samarkand sammitinde kabul edilen strategik kararlaryň iş ýüzüne geçirliş etaby hakynda pikir alyşan Saidow bilen Ömüraliýew, gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, syýahatçylyk, bilim we medeniýet ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdy.

Türki Döwletleriň guramasynyň Baş sekretary ilçi Kubanyçbek Ömüraliýew, Özbegistanyň guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe durmuşa geçirjek işlerine ýakyndan goldaw bermäge taýardyklaryny belledi.

Ömüraliýew, duşuşykdan soň beren beýannamasynda, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili hökmünde bellenen Bahtiýar Saidow bilen ilkinji gezek duşuşandyklaryny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar