Lawrow we Baýramow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow azerbaýjanly daşky gurşaw guramalarynyň agzalary bilen aktiwistleriň Laçyn geçelgesindäki magdan protestleri hakynda pikir alyşdy.

1934249
Lawrow we Baýramow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi bu barasynda beýannama berdi.

Jeýhun Baramow wagtlaýynça rus güýçleriniň ornaşdyrylan Azerbaýjana degişli ýerlerdäki magdan känleriniň bikanun dolandyrylmagyny protest etmegiň Azerbaýjanyň raýatlarynyň kanuny hukugydygyny, protestçileriň ýerlikli talaplarynyň berjaý edilmelidigini aýtdy.

Laçyn geçelgesiniň Azerbaýjan tarapyndan ýapylandyğy, Azerbaýjanda ýaşaýan ermenileriň gabaw astyna alynandygy we gumanitar çykgynsyzlyk emele getirilendigi hakyndaky habarlaryň esassyzdygyny beýan eden Baýramow, ýoldan her gün rus güýçleriniň, Halkara gyzl haç guramasyna degişli onlarça ulagyň we Ermenilere degişli tiz kömek ulaglarynyň geçmeginiň Ermenistanyň günäkärlemeleriniň esassyzdygyny delillendirýändigin, nygtady.

Baýramow özlerini Azerbaýjanda ýaşaýan ermenileriň “wekili” hökmünde tanadýan adamlaryn halkyn ýoldan geçmegini bökdäp, emeli “gabaw” we “gumanitar çökgünlik”  döretmek islemeginiň kabuledilmesizdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar