Gazagystanda Aşa Sowuk Howa Höküm Sürýär

Aşa sowuk howalaryň gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýär

1930743
Gazagystanda Aşa Sowuk Howa Höküm Sürýär

Gazagystanda üstümizdäki hepdäniň dowamynda aşa sowuk howanyň ýurduň çar tarapynda öz täsirini dowam etdirjekdigi habar berildi.

Gazagystanyň Milli meteorologiýa merkezinden (Kazgidromet) berlen beýannamada, ýurtda täsirli bolan aşa sowuk howanyň demirgazykdaky welaýatlardan günortada hem höküm sürjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, hepdäniň dowamynda ýurduň gündogarynda we demirgazygynda ýerleşýän welaýatlarda howalyň ýylylygy minus 40 gradusa, ýurduň günortasynda we günbatarynda ýerleşýän welaýatlarda bolsa minus 30-35 gradusa çenli aşaklajakdygy barada duýduryş berildi.

Aşa sowuk howalaryň gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirýändigi sebäpli paýtagt Astana bilen birlikde birnäçe welaýatda okuwlar onlaýn ulgamy arkaly dowam etdirler.

Aşa sowuk howalar sebäpli uçar saparlary yza süýşürildi.

Içeri işler ministrligi agyr gyş şertleri sebäpli hususy ulaglar we ýolagçy awtobuslary bilen uzak aralykly ýerlere syýahat edilmeginiň wagtlaýyn gadagan edilendigini mälim etdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar