Gazagystan Türkiýede Öndürlen Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Satyn Almak Isleýär

Sultan Kamaletdinow, paýtagt Astanada metbugata beýannama berdi.

1925292
Gazagystan Türkiýede Öndürlen Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Satyn Almak Isleýär

Gazagystanyň Goranmak ministriniň orunbasary Soltan Kamaletdinow, Gazagystanyň Ýaragly güýçleri için türk firmalary tarapyndan öndürlen sowutly ulaglaryň alynmagy meselesi hakynda maglumat berdi.

Sultan Kamaletdinow, paýtagt Astanada metbugata beýannama berdi.

Kamaletdinow, ýanwar aýynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň tabşyrygy boýunça Gazagystanyň ýaragly güýçleriniň çäginde, Ýörite güýçler toparynyň döredilendigini, şol topardaky esgerlere ýörite tälim berlendigini we toparyň degişli harby enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin işe girişilendigini ýatlatdy.

Şol çäkde türk firmalary tarapyndan öndürlen sowutly harby ulaglarynyň satyn alynmagy meselesini ara alyp maslahatlaşýandyklaryny nygtan Kamaletdinow “Haýsydyr bir harby enjamlaryň näme maksat bilen öndürlendigine doly göz ýetirilmeli. Türk firmalary tarapyndan öndürlen sowutly ulaglar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Birnäçe ýurt tarapyndan şol sowutly ulaglar satyn alyndy. Şol sebäpli ýaragly çaknyşyklarda synagdan geçirildi” diýdi.

Kamaletdinow, Gazagystanyň harby goşunynyň hatarynda Ysraýylda we Hytaýda öndürlen uçarmansyz howa ulaglarynyň bardygyny ýatlatdy.

Gazagystanyň Goranmak ministriniň orunbasary Soltan Kamaletdinow, “Türkiýede öndürlen uçarmansyz howa ulaglaryny satyn almagy meýilleşdirýäris” diýdi



Degişli Habarlar