Özbegistanda Üsgülewük Siroby Sebäpli 18 Çaga Ýogaldy

Üsgülewük sirobynyň 18 çaganyň ýogalmagyna sebäp bolmagy meselesinde derňew işi gozgaldy.

1924710
Özbegistanda Üsgülewük Siroby Sebäpli 18 Çaga Ýogaldy

Özbegistanda Hindistanda öndürlen üsgülewük sirobynyň 18 çaganyň ýogalmagyna sebäp bolmagy meselesinde derňew işi gozgaldy.

Özbegitanyň Döwlet howpsyzlyk gullugy tarapyndan berlen beýannamada, Hindistanyň Marion Biontech firmasy tarapyndan öndürlen “Dok-1 Max” üsgülewük sirobynyň 18 çaganyň ýogalmagyna sebäp bolandygy ýatladyldy.

Beýannamada, ady agzalýan siroby ýurda getiren Kuramax Medikal we şol sirobyň ulanylmagyna rugsat beren ylmy merkeziň ýolbaşçylary hakynda derňew işiniň gozgalandygy bellenildi.

Mesele bilen arabaglanşykly birnäçe adamyň saklanandygy nygtaldy.

Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Samarkand şäherindäki çagalar hassahanasynda sentýabr-dekabr aýlarynda bejergi alan we “Dok-1 Max” sirobyny ulanan çagalardan 18-niň ýogalandygyny mälim etdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, giňişleýin barlanan üsgülewük sirobynyň düzüminde zäherli madda “etilen glikolyň” tapylandygy we sirobyň ýurtda satuwynyň gadagan edilendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar