Azerbaýjan Bilen Russiýa, Garabagdaky Ýerleriň Atlary Meselesinde Düşnüşmezligi Başdan Geçirýär

“Birnäçe gezek berlen duýduryşlara garamazdan ilatly ýerlerimiziň Ermenistan tarapyndan ulanylan atlar bilen tanadylmagy kabul edilmesiz”

1912609
Azerbaýjan Bilen Russiýa, Garabagdaky Ýerleriň Atlary Meselesinde Düşnüşmezligi Başdan Geçirýär

Azerbaýjan, Russiýanyň, Garabagdaky ýerler üçin ermeniçe atlaryň ulanylmagyna reaksiýa görkezdi.

Baku bilen Moskwanyň arasynda Garabagdaky ýerlerleriň atlary meselesinde düşnüşmezlik başdan geçirilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, sebitde wagtlaýyn iş alyp barýan esgerler bilen arabaglanşykly internet saýty hakynda maglumat berýärkä ermeniçe atlary ulandy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, “Birnäçe gezek berlen duýduryşlara garamazdan ilatly ýerlerimiziň Ermenistan tarapyndan ulanylan atlar bilen tanadylmagy kabul edilmesiz” diýildi.

Azerbaýjanda wagtlaýyn iş alyp barýan rus goşunyna, “Agdere, Hojawend, Sugowuşan we Gozlukörü” üçin resminamalardaky atlaryň ulanylmagy üçin çagyryş berildi.

Garabag ykdysadyýet zolagynyň hem indi “Daglyk Garabag zolagy” hökmünde tanyşdyrylmazlygy islendi.

 



Degişli Habarlar