Azerbaýjan 12 Ermeni Esgeriň Jesedini Ermenistana Gowşurdy

Azerbaýjan, sentýabr aýynda 127 jesedi Ermenistana gowşurypdy.

1912120
Azerbaýjan 12 Ermeni Esgeriň Jesedini Ermenistana Gowşurdy

Azerbaýjan 12-13-nji sentýabrda iki ýurduň serhedinde bolan çaknyşyklarda ýogalan 13 ermeni esgeriň jesedini Ermenistana gowşurdy.

Azerbaýjanyň ýesir alynan, dereksiz ýiten we zamun alynan raýatlar komissiýasyndan berlen beýannamada, 12-13-nji sentýabrdaky çaknyşyklaryň başdan geçirlen sebitinde ýogalan ermeni esgerleriň jesetleriniň gözlenýändigi nygtaldy.

Beýannamada, geçirlen gözleg işleriniň netijesinde tapylan 13 ermeni esgeriň lukmançylyk barlaglaryndan geçirlenden soň Ermenistana gowşurlandygy nygtaldy.

Azerbaýjan, sentýabr aýynda 127 jesedi Ermenistana gowşurypdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, ermeni güýçleriniň 12-nji sentýabr gijesi Azerbaýjanyň Daşkesen, Kelbejer, Laçyn we Zengilan liniýalaryna hüjüm gurandygyny mälim edipdi.

Diplomatiýa taýdan geçirlen gepleşikleriň netijesinde II Garabag söweşinden soňky iň uly çaknyşykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň hüjümleriň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanandygy habar berlipdi

Azerbaýjan çaknyşykda 80 esgeriň şehit bolandygyny mälim edipdi. Ermenistan bolsa çaknyşyklarda 207 esgeriniň ýogalandygyny habar beripdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar