THÝ Dekabr Aýynda Aşgabada Uçar Saparlaryny Guramaga Başlar

Çawuşogly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

1912033
THÝ Dekabr Aýynda Aşgabada Uçar Saparlaryny Guramaga Başlar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, THÝ-nň dekabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada uçar saparlaryny guramaga başlajakdygyny aýtdy.

Çawuşogly, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Çawuşogly, Meredow bilen özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Guraljak iki taraply saparlar hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Çawuşogly, Awazada liderler derejesinde geçiriljek Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan üç taraplaýyn maslahat üçin görülýän taýarlyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Mewlüt Çawuşogly liderler maslahatyndan öň üç ýurduň Daşary işler, Energetika we Ulaglar ministrleriniň gatnaşmagynda ýörite maslahatyň geçirilmeginiň has peýdaly boljakdygy barada ylalaşyk gazanandyklaryny nygtady.

Maslahatyň çäginde 5 şertnama baglaşyljakdygyny aýdan Çawuşogly, Türkiýeden Türkmenistana ýakyn wagtda guraljak saparlar hakynda durup geçdi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň başynda Türkiýä sapar gurajakdygyny ýatlatdy.

Türkmenistanyň Türk döwletleri guramasyna synçy agza bolmagyna hoşallyk bildiren Çawuşogly, “Biz doganlyk ýurt Türkmenistanyň Türk Döwletleri guramasyna doly agza bolmagyny we maslahatlara ýer eýeçiligini etmegini arzuw edýäris” diýdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy, 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek Antalýa diplomatiýa forumyna çagyran Çawuşogly, geljekde has ýakyndan işleşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, THÝ-nyň dekabr aýynda Aşgabada uçar saparlaryny guramaga başlajakdygyny ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar