DKTR-synyň 39 Ýyllygy ABŞ-da Bellenilip Geçildi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň döredilen gününiň 39 ýyllygy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Türk öýünde dabara bilen bellenilip geçildi.

1909334
DKTR-synyň 39 Ýyllygy ABŞ-da Bellenilip Geçildi

DKTR-synyň Nýu-Ýorkdaky Wekili Mehmet Dana dabarada sözlän sözünde; “Kiprde ýeke-täk tagallamyz asuda we howpsuz ýaşamak üçin özygtyýarlylygymyza sarpa goýulmagy” diýdi.

Kipr türkleriniň ygtyýarynyň mundan artyk ünsden düşürlip bilinmejekdigini beýan eden Dana, DKTR-synyň halkara jemgyýetçiliginde laýyk bolan ýerine ýakyn geljekde eýe boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Kipr türklerine goýulan hukuksyz we elhenç çäklendirmelere garamazdan şu ýyl DKTR-syna 2 milliona barabar syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygyny beýan eden Dana, 140 ýurtdan 100,000 talybyň bolsa DKTR-synda bilim alýandygyny gürrüň berdi.

Mehmet Dana Kipriň türk halkyna ýagty gelejegiň garaşýandygyny beýan etdi.

DKTR-synyň ýer eýeçiliginde geçirilen dabara Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Feridun Sinirliogly, Nýu-Ýorkdaky Baş konsül Reýhan Özgür, daşary ýurtlaryň diplomatlary bilen DKTR-syonyň we türk jemagatynyň wekilleri gatnaşdylar.  



Degişli Habarlar