Türkiýe Gazagystandaky Saýlawlaryň Asuda Şertlerde Geçmegine Kanagatlanma Bildirdi

Türkiýe Gazagystanda geçirilen möhletinden irki prezident saýlawlarynyň asuda şertlerde geçirilmegine kanagatlanma bildirdi.

1908499
Türkiýe Gazagystandaky Saýlawlaryň Asuda Şertlerde Geçmegine Kanagatlanma Bildirdi

Bu barasynda Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar.

Ministrligiň beýannamasynda; “Gazagystan Respublikasynyň 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda geçirilen möhletinden irki prezident saýlawlarynyň asuda şertlerde üstünlik bilen geçirilmegine kanagatlanma bildirýärsi” diýilýär.

Beýannamada, Türkiýäniň şol bir taryhdan gözbaş alýan we ýakyn gatnaşyklary bolan Gazagystanyň howpsuzlygyna hem-de durnuklylgyna uly ähmiýet berýändigi nygtalyp, saýlawyň netijeleriniň dost we doganlyk gazak halky üçin bähbitli bolmagy arzuw edilýär.

Gazagystanda 12 milliona barabar saýlawçy 7 ýyl möhlet bilen iş başynda boljak prezidenti saýlamak üçin ses beripdi.

Saýlawyň netijeleriniň 27 notabrda yglan edilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar